Sepleriň elýeterliligi

Kerri BMG-ni herekete çagyrýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmek boýunça ylalaşygy doly ýetrine ýetirmegine güwä geçmek üçin “hereket etmeli”, diýip belledi. Bu ylalaşyga Orsýetiň we ABŞ-nyň gatnaşmagynda gelinipdi.

Jon Kerriniň penşenbe güni Waşingtonda eden bu çykyşynda aýtmagyna görä, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi eger Damask ylalaşykdaky şertleri ýerine ýetirmese muňa garşy “güýç ulanmak” çäresini göz öňünde tutýan rezolýusiýany kabul etmeli.

Şeýle-de, Kerri BMG-niň Siriýanyň himiki ýaraglary boýunça bilermenleriniň ýakynky hasabatynda geçen aýda Damaskyň golaýynda bolan zäherli gaz hüjümleriniň aňrysynda Başar al-Assadyň režiminiň durandygyň tassyklanandygyny belledi.

Kerri şol hüjümlere gozgalaňçylaryň günäkär bolmagynyň ähtimaldygyny ret etdi. Waşington 21-nji awgustda Damaskyň golaýynda bolan himiki hüjümler zerarly 1 400 parahat adamyň heläk bolandygyny aýdýar.

Jon Kerriniň soňky kommentariýalarynyň öňüsyrasynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Damaskyň golaýynda bolan himiki hüjümlerde Siriýanyň goşunynyň elindäki himiki tehnologiýalardan has ýönekeý serişdeleriň ulanylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG