Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Uruş çykgynsyz pursada ýetdi


Siriýanyň premýer-ministriniň orunbasary ýurtda gidýän graždan urşunyň çykgynsyz bir pursada ýetendigini we taraplaryň hiç birinde ýeňiş gazanmak üçin güýjüň galmandygyny aýtdy.

Kadri Jamiliň “The Guardian” gazetine aýtmagyna görä, eger ozalky planlara laýyklykda Ženewada parahatçylyk ugrunda konferensiýa geçirilse Siriýanyň hökümeti ok atyşygy togtatmagy teklip etmäge taýýar.

Jamil hökümetiň we gozgalaňçylaryň arasynda gidýän graždan urşy zerarly Siriýanyň ykdysadyýetiniň 100 milliard dollar mukdarda zyýan çekendigini aýtdy.

Munuň bilen bir wagtyň özünde Eýranyň prezidenti Hassan Rohani “The Washington Post” gazetinde çap bolan interwýusynda dünýä liderlerini Eýranyň konstruktiw dialoga goşulmagyna mümkinçilik döretmäge çagyrdy. Rohani Siriýanyň hökümeti we gözgalaňçylar arasynda gepleşik geçirilmegine Eýranyň hökümetiniň ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG