Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohaniniň çykyşy reaksiýa döretdi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň eýran hökümetiniň hiç wagtda ýadro ýaragyny döretmejegi barada eden çykyşy dünýä derejesinde reaksiýa döretdi. ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Rohaniniň penşenbe güni amerikan telewideniýesinde eden bu çykyşynyň pozitiw bolandygyny aýtdy, emma “bar zadyň synagdan geçmelidigini” belledi.

Penşenbe güni irden NATO-nyň Baş sekretary Andres Fog Rasmussen Rohaniniň “NBC News” telekanalyna beren interwýusynyň örän täsirli bolandygyny aýtdy. Rasmussen Rohaniniň Eýranyň gapma-garşylyk döreden ýadro programmasy barada günbatar döwletleri bilen gepleşik geçirmäge ygtyýarynyň bardygy barada aýdan sözlerini aýratyn belledi.

Şol bir wagtda-da, Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Rohaniniň Eýranyň hökümetiniň ýadro ýarygyny döretmejegi barada eden çykyşyny Tähranyň dünýäni aldamak üçin edýän synanyşygy, diýip atlandyrdy.

Ysraýyl ençeme günbatar döwleti bilen bir hatarda Eýran ýadro ýaragyny döretmek boýunça gizlin iş alyp barýar, diýip hasap edýär.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon Rohaniniň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak tagallalaryny makullady.
XS
SM
MD
LG