Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri žurnalistiniň tussaglygy ýazgaryldy


Žurnalistleri goraýjy komitet azerbeýjanly garaşsyz žurnalist Parwiz Hasimliniň tussag edilmegini ýazgaryp çykyş etdi we onuň derhal boşadylmagyny talap etdi.

Komitet penşenbe güni ýaýradan öz beýannamasynda, Hasimliniň galp sebäplere görä tussag edilendigini aýdýar we milli metbugatyň Azerbeýjanda 9-njy oktýabrda boljak prezidentlik saýlawlary barada erkin habar bermäge ukyply bolmalydygyny nygtaýar.

“Biziň ýolumyz” atly gazetde işleýän Hasimli sişenbe güni polisiýa tarapyndan tutuldy. Polisiýa onuň öýünde alty sany ýaragyň we harby esbaplaryň tapylandygyny aýdýar. Çarşenbe güni sud onuň iki aýyň dowamynda tussaglykda bolmagy barada karar çykardy.

Žurnalist ýaraglaryň öz öýüne polisiýa tarapyndan goýulandygy aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” we “Amnesty International” guramalary Azerbeýjanyň häkimiýetlerini prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda garşylygyň döremezligi üçin çäre görmäge synanyşmakda aýyplap gelýärler.
XS
SM
MD
LG