Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Pagta ýygymynda çaga öldi


Özbegistanyň Buhara welaýatynda pagta ýygymda alty ýaşly oglanjyk heläk boldy. Welaýatyň kanun goraýjy resmisiniň penşenbe güni Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Amirbek Rahimow pagta daşaýan ulagyň içinde uklapdyr we üstüne pagta guýulyp demigip ölüpdir. Bu waka ýekşenbe güni boldy.

Mundan bir gün soň Kaşkadarýa regionynda pagta ýygyma çekilen studentleriň biri öz kursdaşlarynyň birini öldürip, ýene üçüsini ýaralapdyr.

Şu aýyň başynda Kaşkadarýada pagta ýygyma çekilen ýene bir student elektrik simden tok urup heläk bolupdy.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar özbek häkimiýetleriniň mekdep okuwçylaryny we studentleri pagta ýygyma mejbury çekýändigi sebäpli ençeme ýylyň dowamynda berk tankyt edip gelýärler. Pagta Özbegistanyň esasy eksport çeşmesi bolup durýär.
XS
SM
MD
LG