Sepleriň elýeterliligi

Ýemende onlarça harby wepat boldy


Ýemeniň resmileriniň aýtmagyna görä, ýurduň günorta böleginde anna güni “Al-Kaýda” toparynyň hüjümi zerarly 30 çemesi polisiýa işgäri we esger wepat bolupdyr.

Ýemeniň harby çeşmeleri Arap ýarym adasyndaky “Al Kaýda” guramasynyň Şabwa regionynyň Maifaa atly ýerinde ýerleşýän ýörite harby lagere hüjüm edip, bu ýerde ençeme polisiýa işgärini öldürendigini habar berdiler. Munuň yzýany bu ýerden 15 kilometr uzaklykda ýerleşýän iki sany harby posta hem hüjüm edip 30-a golaý esgeri öldüripdir. Berilýän bu sanlar derhal tassyklanmady.

“Al-Kaýda” guramasy ýurduň günorta we gündogar böleklerinde goşuna we polisiýa garşy ýygy-ýygydan hüjüm edýär. Ýemeniň ýaragly güýçleri bu hüjümlere jogap bermek üçin ABŞ-nyň ýardamyna daýanýarlar.

Ýekşenbe güni Ýemeniň paýtagtynyň sudy Arap ýarym adasynda hereket edýän “Al Kaýda” guramasynyň üç agzasyna höküm çykardy. Olar Ýemeniň prezidenti Abdrabuh Mansur Hadiniň we ABŞ-nyň Ýemendäki ilçisiniň janyna kast etmek üçin dildüwşük gurnamakda aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG