Sepleriň elýeterliligi

MakKeýn Putin baradaky makalasyny düşündirýär


ABŞ-ly senator Jon MakKeýn

ABŞ-ly senator Jon MakKeýn

ABŞ-ly senator Jon MakKeýn Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyndan Ýuriý Žigalkina beren interwýusynda şu hepde rus prezidenti Wladimir Putini tankytlap ýazan setirleriniň arkasynda durup, olaryň Russiýada adam hukuklarynyň bozulmagyna degişli faktlara esaslanýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Senator, siziň ”pravda.ru” neşirinde çap bolan makalaňyzdan soň, iki dürli garaýşyň peýda bolandygyny aýtsa bolar. Käbirleri öz makalaňyzda siziň “adam hukuklaryny goraýjy gowy rus adamsynyň aýtmaly zatlaryny agzaýandygyňyzy ” aýtsalar, beýlekileri size “Russiýa barada hiç zat bilmeýän daşary ýurtly bir ýaşuly” diýen kesgitlemäni ýöňkeýärler. Siziň muňa reaksiýaňyz?

MakKeýn:
Meniň eden belliklerim faktlara, ýagny repressiýalara, [Sergeý] Magnitski [bilen bagly ýanamalara], [Orsýetde] medianyň üstünden gurnalan kontrollyga degişli faktlara we adam hukuklarynyň bozulmalaryna esaslanýar.

Azatlyk Radiosy: Siz näme sebäpden bu makalany ýazdyňyz? Siziň maksadyňyz nämedi?

MakKeýn:
Hakykat – elmydama-da möhüm zat. Putiniň [“New York Times” neşirinde] ABŞ babatynda eden bellikleri Russiýadaky ýagdaýlara çapraz gelýär. Putiniň häkimiýeti tarapyndan rus raýatlaryna görkezilýän jebirler hem duýgudaşlyga hem-de ýazgarylmaga mynasypdyr.

Azatlyk Radiosy: Siz Putiniň “New York Times” neşirinde çap bolan makalasynyň, esasan, haýsy bölegi bilen ylalaşmaýarsyňyz? Putin “ABŞ-nyň Siriýa garşy harby hüjümi amala aşyrmaly däldigini, meseläniň diplomatiki ýol bilen çözülmelidigini” aýdýar, Russiýada köpler hem onuň bu pikirini goldaýar. Siz bu dogrusynda nämeleri aýdyp bilersiňiz?

MakKeýn:
Meniň bilşime görä, ABŞ [harby ýol bilen] hereket edende, ol milli howpsuzlygyň we dünýäniň adamlarynyň nazaryýetinden çykyş edipdi. Bosniýada Russiýanyň hemaýaty bilen adamlar gyrgyna berlipdi. Kosowada Russiýanyň hemaýaty bilen serbler beýleki milletiň wekillerini ýok edýärdi.

Biz ol ýagdaýlara goşulyp, bolup geçýän zatlary duruzdyk. Srebrenisada 8 müň adam gyrlandan soň, biz [ara] girmeli bolduk.

Azatlyk Radiosy: Siz Siriýa meselesine nähili garaýarsyňyz? Haýsy ugur boýunça gitmeli? Harby hüjüm göz göz öňünde tutulmalymy ýa-da, Moskwanyň hödür edişi ýaly, diplomatiýa ýoly saýlap alynmaly?

MakKeýn:
Men Putinden ýene-de nobatdaky bir gezek himiki hüjümi gozgalaňçylaryň “mekir prowokasiýa” hökmünde edendigi barada eşidýärin. Wladimir Putin munuň dogry däldigini bilýär. Şunlukda biz ýalan sözleýän biriniň aýdýan zatlaryna ynanmaga borçlumy?

Biz söweşýän adamlara, Siriýanyň azat armiýasyna ýardam bermeli. Sebäbi, biziň öň hem belleýşimiz ýaly, Damaskda köp sanly rus ýaraglary bar. Başar al-Assad bulary adamlary gyrmak üçin ulanýar.

Azatlyk Radiosy: Siz rus-amerikan gatnaşyklarynyň geljegi barada näme pikir edýärsiňiz?

MakKeýn:
Biz Russiýa bilen gatnaşyklarymyza realistik çemeleşmeli. Biz Putiniň Rus imperiýasynyň abraýyny we beýikligini dikeltmek ugrundaky maksatlarynyň mazmunyna düşünmeli. Ol bu ugurda adatdan daşary çäreleri hem ulanýar.

Çeçenistanda ol uly göwrümli gyrgynçylygy geçirdi, biziň hemmämiz muny bilýäris ahyryn. Ol Gürjüstana çozdy. Ol häzir regiondaky beýleki döwletlere-de basyşyny artdyrýar. Bu Wladimir Putin – biz onuň kimdigine düşünmeli.
XS
SM
MD
LG