Sepleriň elýeterliligi

Ençeme ýolbaşçy wezipesinden boşadyldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Anna güni, 20-nji sentýabrda birnäçe ýokary derejeli hökümet ýolbaşçysy korrupsiýa we wezipe borçlaryny şahsy bähbitleri üçin ulananlykda aýyplanyp wezipesinden boşadyldy.
Olaryň arasynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň käbir orunbasarlary bilen bir hatarda Türkmen pagta döwlet konserniň başlygy Hakmyrat Annamyradow we Galla Önümler Döwlet Birleşiginiň başlygy Ýalkapberdi Çaryýewdagylar hem bar.
Bu waka soňky günlerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda pagta ýygymynyň, şeýle-de galla ekişligine görülýän taýýarlygyň talaba laýyk berjaý edilmeýändigi barada eden tankydy çykyşlarynyň yz ýanyna gabat geldi.
Şeýle-de şu hepdäniň dowamynda Azatlyk Radiosynda pagta hasyly barada daýhanlaryň aladalary we synçylaryň garaýyşlaryndan ybarat ençeme tapgyrlaýyn gepleşikler efire berilipdi.
Hususan-da Ahal hem Mary welaýatynyň käbir etraplarynyň daýhanlary şu ýyl pagta hasylynyň juda ýaramaz bolandygyny, onuň sebäbiniň bolsa suwsuzlyk bilen baglydygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdiler.
Agzalýan emeldarlaryň wezipelerinden boşadylmagynyň ýokarda agzalan ýagdaylar bilen bagly bolup-bolmandygy barada takyk maglumat berilmedi, şeýlede olaryň ykbaly babatda hem häzirlikçe anyk maglumat ýok.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda ençeme prokuror hem wezipesinden boşadylypdyr.
Olar hem öz wezipe borçlaryndan bikanun peýdalananlykda aýyplanýarlar. Mälim bolşuna görä, mundan ozal hem soňky aýlaryň dowamynda ençeme etrap we welaýat prokurorlary dürli aýyplamalar boýunça wezipelerinden boşadylypdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG