Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Resmileriň onlarçasy işden çykaryldy


Türkmenistanyň ýokary derejeli döwlet resmileriniň onlarçasy wezipelerinden boşadyldy.

20-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatynda gol çekilen resmi kararlara görä, Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary we ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Ýegeleýew wezipesinden boşadyldy. Muňa onuň işde goýberen kemçilikleriniň sebäp bolandygy aýdyldy.

“Türkmenpagta” we “Türkmengallaönümleri” döwlet bileleşikleriniň ýolbaşçylary Annamyradow we Çaryýew hem wezipelerinden boşadyldy. Olar işden goýberen düýpli kemçiliklerde we wezipesinden öz bähbitleri üçin peýdalanmakda aýyplandylar.

Bu ýolbaşçylar babatynda resmi derejede çäre görülmegine sebäpler barada takyk maglumat berilmedi. Şol bir wagtda-da, olaryň atlary Aşgabadyň öňki Baş prokurory Garaýew barada gozgalan jenaýat işi boýunça geçirilen derňewler bilen baglylykda gozgaldy.
XS
SM
MD
LG