Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kim bet?


Boksçylar ýaryşda öz güýjüni görkezýärler

Boksçylar ýaryşda öz güýjüni görkezýärler

Sişenbe güni, 17-nji sentýabrda Aşgabadyň Mir 2 mikroraýonyndaky 55-52-48-nji mekdepleriň 10-njy synp okuwçy oglanlarynyň arasynda uruş boldy. Uruş “Kim bet?” diýen sözler bilen başlap, onda yenjilenleriň arasynda uruşýan talyplary köşeşdirmek üçin aralaryna giren 55-nji mekdebiň Orazmyrat atly direktorynyň orunbasarynyň hem bardygy aýdylýar.

Elbetde, onuň ýagdaýy agyr däl. Habarçymyzyň maglumatyna görä, şol uruşa takmynan 20-den gowrak 10-njy synp mekdep okuwçylary gatnaşyp, şol waka polisiýa güýçleriniň aralaşmagy bilen tamamlanypdyr.

Adatça şeýle uruşlar Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň ýokary synplarynyň arasynda ýylda birnäçe sapar bolup geçýär. Şeýle wakalara näme sebäp bolýar we oňa ýaşlaryň arasynda nähili garalýar?

Bu nobatdaky ýaşlar programmamyzyň esasy temasy bolar. Öz pikirleriňizi aşakdaky teswir bölüminde galdyryp, programma gatnaşmak üçin bolsa hat@azatradio.org e-mail adresimize hat ýazyp biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG