Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damask ýaraglar barada maglumat berdi


Himiki ýaraglaryň gadagançylygy boýunça gurama Siriýanyň himiki ýaraglaryna degişli detallaryň Damask tarapyndan berilip başlanandygyny mälim etdi.

Gaagada ýerleşýän bu guramanyň metbugat wekili “Bize tassyknamalaryň bir bölegi gowuşdy we biz galanlaryna garaşýarys”, diýip anna güni aýtdy.

Prezident Başar al-Assadyň režiminde 1 000 tonna golaý himiki ýaraglaryň bar bolmagy çak edilýär. Damask Orsýetiň we ABŞ-nyň gatnaşmagynda gelnen ylalaşyga laýyklykda bu ýaraglaryny ýok etmäge razylyk berdi.

Himiki ýaraglaryň gadagançylygy boýunça gurama anna güni eden beýannamasynda Orsýetiň we ABŞ-nyň plany boýunça ýekşenbe gününe bellenen maslahaty yza tesdirendigini yglan etdi. Gurama bu maslahaty hepdäniň dowamynda eýýäm ençeme sapar yza tesdiripdi.

Diplomatik çeşmeleriň aýtmagyna görä, maslahatda garamak üçin taýýarlanan tekstiň taslamasy Waşingtonyň we Moskwanyň arasynda entek ylalaşylmandyr.
XS
SM
MD
LG