Sepleriň elýeterliligi

“Talybanyň” agzalary boşadyldy


Pakistan “Talyban” hereketiniň ýolbaşçylaryndan Abdul Ghani Baradary tussaglykdan boşatdy. Pakistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Omar Hamid Baradaryň boşadylandygyny şenbe güni tassyklap çykyş etdi.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň anna güni aýtmagyna görä, Baradaryň boşadylmagy Owganystanyň haýyşy bilen we “ýurtda ýaraşyk prosesine ýardam bermek” maksatly amala aşyrylypdyr.

Baradaryň tussaglykdan goýberilmeginiň yzýany Owganystanyň Parahatçylyk boýunça geňeşiniň metbugat wekili Şahzada Şahadyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, owgan tarapy “Molla Baradaryň Owganystanda parahatçylyk prosese ýardam bermegine” umyt baglaýar.

Baradar “Talyban” hereketini esaslandyryjylaryň biri we guramanyň baş lideri Molla Omaryň iň ýakyn ýarany hasaplanýar.

Soňky ýylyň dowamynda Pakistan “Talyban” hereketiniň azyndan 33 agzasyny tussaglykdan boşatdy. Bu çäräniň Kabulyň we gozgalaňçylaryň arasynda parahatçylyk prosesi güýçlendirmek maksatly amala aşyrylýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG