Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: Ýaşlar Rahmony hödürledi


Täjigistanyň ýaşlar hereketi ýurduň häzirki prezidenti Emomali Rahmony prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürledi.

Täjigistanly boksçy Londondaky olimpiýa oýunlarynda bürünç medala eýe bolan Mawzuna Çoriýewa Rahmony Täjigistanyň Ýaşlar birleşiginiň dalaşgäri hökmünde saýlawlara gatnaşmaga çagyrdy. Ýaşlar bileleşiginiň şenbe günki kongresinde edilen bu teklibiň biragyzdan kabul edilendigi barada habar berildi.

Täjigistanyň prezidentlik saýlawlary 6-njy noýabrda geçiriler. Saýlawlaryň geçiriljek güni Rahmonyň döwlet başynda bolmagynyň 19-njy ýyl dönümine gabat gelýär. 1992-1994-nji ýyllarda Täjigistanda prezident wezipesi bolmandy, şol döwürde Rahmon parlamentiň baştutany hökmünde ýurda ýolbaşçylyk edipdi.
XS
SM
MD
LG