Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Eýran: Gepleşik geçirilmegi mümkin


Ak Tamyň anna güni aýtmagyna görä, indiki hepdede Nýu Ýorkda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň we Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň arasynda duşuşygyň geçirilmegi planlaşdyrylmaýar. Prezidentleriň ikisiniň-de BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etmeklerine garaşylýar.

Emma ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisiniň orunbasary Ben Rodesiň bellemegine görä, iki tarapyň arasynda dürli derejelerde käbir gepleşikleriň geçirilmegi ähtimal.

19-njy sentýabrda Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý eger Tähran özüniň ýadro programmasyndan el çekýändigini çynlakaý aýdýan bolsa Barak Obamanyň Hassan Rohani bilen duşuşyp biljekdigini mälim edipdi.

Waşington we onuň ýaranlary Tähranyň ýadro ýaragyna eýe bolmak üçin gizlin iş alyp barýandygyny aýdýarlar. Eýran muny ret edýär. 18-nji sentýabrda NBC telekanalyna beren interwýusynda Rohani Eýranyň hiç wagtda ýadro ýaragyny döretmejegini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG