Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yrakda polisiýa hüjüm edildi


Bagdatdan demirgazykda ýerleşýän Baiji atly şäherçede polisiýanyň bölümine janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan hüjüm edilip, azyndan dört polisiýa işgäri wepat boldy we ýene birnäçe adam ýaralandy.

Polisiýa hüjümçileriň birini atyp öldürdi. Hüjümçileriň ýene üçüsi bazanyň içine girip, polisiýa bilen ok atyşmaga we bombalaryny partlatmaga ýetişdi. Bu hüjüme kimiň jogapkärdigi entek belli däl.

Yrakda polisiýa we howpsuzlyk güýçleriniň agzalary söweşijileriň hüjümlerine yzygiderli sezewar edilýärler.
XS
SM
MD
LG