Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow ýolbaşçylary işden boşatdy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow hökümet maslahatynda.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow hökümet maslahatynda.

Türkmenistanyň ýokary derejeli döwlet resmileriniň onlarçasy wezipelerinden boşadyldy. 20-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatynda gol çekilen resmi kararlara görä, Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary we ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Ýegeleýew wezipesinden boşadyldy. Muňa onuň işde goýberen kemçilikleriniň sebäp bolandygy aýdyldy.

“Türkmenpagta” we “Türkmengallaönümleri” döwlet bileleşikleriniň ýolbaşçylary Annamyradow we Çaryýew hem wezipelerinden boşadyldy. Olar işden goýberen düýpli kemçiliklerde we wezipesinden öz bähbitleri üçin peýdalanmakda aýyplandylar.

Hökümet baştutanyň orunbasary Ýazmyradowa gözegçilik edýän edaralaryna gözegçiligi kemeldendigi sebäpli berk käýinç berildi we kemçilikler gysga wagtda düzedilmese onuň wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.

Bu ýolbaşçylar babatynda resmi derejede çäre görülmegine sebäp bolan kemçilikleriniň näme bilen bagly bolandygy barada takyk maglumat berilmedi. Ýakynky hökümet maslahatlarynda Türkmenistanda şu ýyl pagta ýygymynyň gidişi we ýygylýan pagtanyň möçberine degişli kemçilikler tankyt edilipdi. Şeýle-de, galla önümçiligine degişli bellikler edilipdi.

Jenaýat derňewiniň netijesi

Türkmen mediýasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Baş prokurory Hallyýew hökümet maslahatynda Aşgabadyň öňki Baş prokurory Garaýew barada gozgalan jenaýat işi boýunça geçirilen derňewler barada hasabat berdi. Hallyýew Garaýewiň “Türkmengalla” hem Türkmenpagta” döwlet bileleşikleriniň baştutanlary we Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary bilen gatnaşyklaryny agzap geçdi.

Aşgabadyň ozalky prokurory Garaýewiň 1993-2013-nji ýyllarda prokuraturada dürli wezipelerde işlän döwründe wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, parahorluga baş goşandygynyň anyklanandygy barada resmi habar berildi. Garaýew babatynda köp aýallyk hem neşe bilen bagly aýyplamalar öňe sürüldi.

Düýpli kemçilikler sebäpli

Düýpli kemçilikler sebäpli, diýilip işden boşadylanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Seýitgulyýewiň, Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň başlygy Akmyradowyň we Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkimi Öwezowyň atlary agzaldy.

Türkmenistanyň wezipeli ýolbaşçylarynyň ençemesi korrupsiýada aýyplandy.

Prokurorlar çalşygy

Kadrlar çalşygy prokurorlara hem degişli boldy. Prezidentiň prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada gol çeken permanlaryna laýyklykda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesinden Owezgylyjow boşadyldy. Şeýle-de, Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary Meredow, Balkan welaýatynyň prokurory wezipesinden Rozyýew, Mary welaýatynyň prokurory wezipesinden Arrykow boşadyldy.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň welaýat we etrap prokurorlarynyň ençemesini çalyşmak barada permana gol çekdi.

Maşgala agzalarynyň bidüzgünçilikleri

Türkmenistanyň hökümet maslahatynda ýurduň ýokary wezipeli resmileriniň garyndaşlarynyň bidüzgünçiliklere baş goşmagy bilen bagly wakalar barada habar berildi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri Mulikowyň hasabatynda hökümet baştutanynyň orunbasary Muhammedowyň giýewsiniň “hukuk tertibi bozandygy” we hukuk goraýjy işgärlerine boýun bolmandygy, şeýle-de onuň oglunyň hem jemgyýetçilik ýerlerde düzgüni bozup bitertiplik edenligi barada habar berildi. Muhammedow wezipelerinden boşadyldy.

Salgyt gullugy we parahorluk

Döwlet salgyt gullugynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etraby boýunça döwlet salgyt gullugynyň şahsy taraplarynyň barlag bölüminiň başlygy Atajykow neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynda we parahorlukda aýyplandy. Onuň ýanynda neşe serişdeleriniň tapylandygy aýdyldy.

Döwlet salgyt gullugynyň wezipeli işgärleriniň ýene ençemesi öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmakda, döwlet emlägini bikanun eýelemekde we para almakda aýyplandylar. Olaryň arasynda Ahal welaýatynyň Altyn Asyr etrabynyň salgyt gullugynyň başlygy Annaýarow, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň salgyt gullugynyň başlygy Meretgulyýew we şol gullugyň ykdysadyýetçisi Akmämmedow, Daşoguz şäheriniň salgyt gullugynyň başlygy Hojaýew we ýene ondan gowrak salgyt işgäri agzaldy. Resmi maglumatlara görä, olara garşy jenaýat işleri gozgalypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG