Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: NATO esgerleri öldürildi


Owganystanyň milli armiýasynyň esgerleri.

Owganystanyň milli armiýasynyň esgerleri.

Owganystanyň gündogarynda ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň harby lybasyna geýnen bir hüjümçi Halkara güýçleriniň üç wekilini atyp öldürdi. Halkara koalisiýanyň ýaýradan beýanatynda başga goşmaça maglumat berilmeýär.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Mohammad Zahir hüjümiň Pakita welaýatynyň Gardez şäherinde bolandygyny aýdýar. Zahir söweşijiniň hem öldürilendigini habar berýär.

Adynyň tutulmagyny islemedik başga bir resminiň maglumatyna görä, hüjüm harby türgenleşik lagerinde ýüze çykypdyr.
XS
SM
MD
LG