Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hristian kilisesinde partlama boldy


Hristian bir aýal partlamada ölen oglunyň gymyny çekýär. Peşewar, Pakistan. 22-nji sentýabr, 2013 ý.
Hristian bir aýal partlamada ölen oglunyň gymyny çekýär. Peşewar, Pakistan. 22-nji sentýabr, 2013 ý.
Pakistanyň Peşewar şäherindäki hristian kilisesiniň daşynda partlama boldy.

Janyndan geçen iki sany hüjümçi özüni Keramatly Jonuň kilisesiniň golaýynda ýardy. Wakada 50-den gowrak adamyň ölendigi, başga-da 70 töwereginiň ýaralanandygy habar berilýär. Şikes ýetenleriň aglabasynyň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Käbir maglumatlarda ölenleriň arasynda polisiýanyň iki ofiseriniň hem bardygy bellenilýär.

Peşewaryň ýerli resmisi Zaheerul Islam hüjümden soň žurnalistlere şeýle maglumat berdi: “Bu janyndan geçenleriň hüjümi boldy. Janyndan geçen ýekşenbe güni geçirilýän dogadan soň kilisä girip, özüni partlatdy. Şol wagt ybadathanada 600 töweregi adam bardy”.

Pakistanyň telewideniýesinde wakanyň bolan ýerinden ýaralananlary alyp barýan “tiz kömek” ulaglary görkezildi.

Şaýatlaryň biri AFP habar agentligine “uly partlamanyň” netijesinde ýere zyňylandygyny, mundan soň hem ikinji bombanyň ýarylandygyny aýtdy. 50 ýaşly Nazir Khan “ähli ýerde ýaralanan adamlary görendigini” gürrüň berdi.

"Dine garşy"

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif hüjümi ýazgaryp, “bigünä adamlara hüjüm etmek hem yslama, hem-de islendik beýleki dine ters gelýär” diýdi.

Pakistanyň ilatynyň 4% golaýy hristianlardyr. Kä halatlarda radikal yslamçylar hristianlary “kapyr” hökmünde häsiýetlendirip, olara garşy hüjümleri amala aşyrýarlar.

Pakistanyň dawaly Dine şek ýetirmek baradaky kanuny netijesinde hem, hristianlar wagtal-wagtal ejir çekýärler.

Peşewar Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Khyber-Pakhtunkhwa welaýatynyň paýtagt şäheridir.
XS
SM
MD
LG