Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlar guramasy Rahmony hödürledi


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Sughd regionyna sapar edýär.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Sughd regionyna sapar edýär.

Täjigistanda ýaşlar guramasy ýurduň häzirki lideri Emomali Rahmony nobatky prezidentlik möhletine dalaşgär hökmünde hödürledi.

Ýaşlar guramasynyň şenbe güni geçirilen gurultaýynda, 2012-nji ýylda Londondaky tomusky olimpiýa oýunlarynda boks boýunça bürünç medaly alan Mawzuna Çoriýewa, ilkinjileriň biri bolup Rahmony kandidat edip hödürlemäge çagyrdy.

Rahmonyň kandidaturasy açyk ses berilişik arkaly tassyklandy.

Täjigistanyň prezidentlik saýlawlary 6-njy noýabrda geçiriler.
XS
SM
MD
LG