Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Menden uzak ýaşa


Serbiýaly Predrik Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy.

Serbiýaly Predrik Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy.

Menden uzak ýaşa

2000-nji ýylda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrow 90 ýaşady. Halypa ýazyjy özüne golaý saýýanlaryny Aşgabadyň “Aýna” restoranynyň banket zalyna ýygnap, ýaş toýuny toýlady. Halypany nobatma-nobatyna 90 ýaşynyň dolmagy bilen gutlaýardylar. Gutlamak nobaty maňa ýetende halypa hoş niýetli arzuwlar etdim. Gutlagymy jemläp:

- Çary aga, ykbal bize siziňki ýaly togsan ýaşy joşmasa-da ýetmiş bäş-segsen ýaşy rowa görsün! Togsan ýaş siz ýaly beýiklere rowa görülýän ýaş - diýdim. Çary aga ör turdy. Soňra-da:

- Bu diýýäniň bolmaz, Tentek (ol oňat görýän şägirtleriniň adyny “Tentek” diýip tutardy)! Men Hudaýa “Şu Tentegi azyndan togsan ýaşat!” diýip, haýyş ederin. Men-ä togsan ýaşap, gojalygyň ähli dert-azaryny çekdim. Senem ýetmiş-segsen ýaşap, garrylygyň dert-azaryny görmejek bolýarmyň?! Karam etme, Tentek, senem togsan ýaşap, meniň gören garrylyk jebirlerimi görmeli bolarsyň - diýip, özüme eden dilegimi “ret edip”, üstüme “hüjüme geçdi”.

Kär höwesi

SSSR-iň halk artisti, SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzasy Alty Garlyýewiň dogduk depesi Tejende ýaşaýan agasy bir çäw bilen tirýekkeş bolupdyr. Bu habary eşiden Alty Garly agasyny Aşgabada getirip, lukmanlaryň kömegi bilen oňa tirýegini göýdurypdyr. Şol döwür Alty aga Opera we balet teatrynyň direktory bolup işleýän eken. Agasynyň öýde içi gysyp oturmasyn diýip, ony her gün agşam teatra alyp gaýdyp, sahnada goýlan opera ýa-da balete tomaşa etdiripdir.

Aradan birki aý geçenden soňra Alty Garlynyň agasy tirýekkeşlikden saplanypdyr. Ol Tejene - maşgala ojagyna dolanmakçy bolupdyr. Alty Garly:

- Tejene gitjek bolmagyň oňat welin, ol ýerä barsaň, köne ülpetleriňe duşup, ýene-de tirýege agyz urarsyň diýip gorkýan. Bärden iş, jaý tapyp bersem, maşgalaňam bärä göçürip getirip, Aşgabatda ýaşaberseň nädýär? - diýip, agasyna sala salypdyr. Agasy gaýra tesip durmandyr:

- Artistler sahnada çykyş edýän mahaly sahnanyň bärisindäki çukur ýerde kän sazanda saz çalýar. Eli kelte taýakly biri şolaryň öňündäki münbere çykyp, taýajygyny bulaýlaýar. Şonuň kärini alyp berseň, Aşgabatda galaýyn - diýipdir.
Alty Garlynyň daýhan agasy dirižýor bolmagy höwes eden eken.

Sportsmen ýazyjy

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Towşan Esenowa SSSR döwri “Türkmen zenanlarynyň arasynda ilkinji professional ýazyjy” diýlip ykrar edilen zenan. Ol çeper döredijilige ýaňy başlan uçurlary, 1944-nji ýylda Ýazyjylaryň gurultaýyna gatnaşypdyr. Şol gurultaýda çykyş edende:

- Men diňe çeper döredijilik bilen däl, sport bilenem meşgullanýaryn. Paraşutdan bökýärin - diýip, özi hakynda buýsanç bilen maglumat beripdir.

Türkmenistan SSR-niň Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň başlygy, gurultaýyň şol mejlisini alyp baryjy Berdi Kerbabaýew:

- Eýsem-de bolsa, paraşutdan böküp bilmegiň oňat zat, ýöne paraşutdan bökeniňde gelip edebiýatyň üstüne düşmegiň bolmandyr - diýipdir.

Toplap taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG