Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa: Parlament saýlawlary geçirilýär


Germaniýanyň ýaşaýjylary milli lybaslaryna geýnip ses berýärler. 22-nji sentýabr, 2013 ý.

Germaniýanyň ýaşaýjylary milli lybaslaryna geýnip ses berýärler. 22-nji sentýabr, 2013 ý.

Ýekşenbe güni Germaniýada parlament saýlawlary geçirilýär.

Ses bermäge gelenleriň biri Nadiýa Orlowski “Reuters” agentligine şeýle diýdi: “Hawa, men tolgunýaryn. Sebäbi demokratiýa bu gaty möhüm bir zat. Men mundan birnäçe wagt ozal belli bir karara geldim. Indi görmeli, Germaniýanyň beýleki adamlary hem meniň pikir-garaýyşymy goldadymyka?”.

Angela Merkeliň üçünji möhlete kansler bolmagyna garaşylýar. Pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, onuň “Hristian Demokratlary” partiýasy sesleriň aglabasyny alar.

Emma, onuň koalisiýa hyzmatdaşy “Azat Demokratlar” partiýasynyň parlamentdäki orunlaryny saklamak üçin, ýeterlik ses alyp-almajagy entek anyk däl.

“Sosial Demokratlar” partiýasynyň lideri Peer Şteinbruek saýlaw uçastogynda ses berenden soň, şeýle diýdi: “Şu gün ses berijiler ähli zady çözerler. Mundan beýläk hiç hili çaklamalar, strategiki oýunlar ýok. Indi biz sagat 18:00 çenli garaşmaly. Meniň ýagdaýym gowy, men ukymy aldym. Biraz soňra men Berline ugramakçy. Biz ýene-de görüşeris”.

Şteinbruek Markeliň ýolbaşçylygynda ministr bolup işlemejekdigini hem sözüne goşdy.

Saýlawlaryň netijeleri boýunça deslapky maglumatlaryň ençeme sagadyň dowamynda aýdyň bolmagy mümkin. Emma anyk netijeler birnäçe günden hem soň belli bolup biler.

Merkeliň ilat arasyndaky meşhurlygy 70%-den hem aşa diýlip çaklanylýar. Emma bu meşhurlyk häkimiýetdäki koalisiýa degişli däl.

Germaniýa Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetidir. Ýekşenbe güni geçirilýän saýlawlarda 62 million adamyň ses bermäge haky bar.
XS
SM
MD
LG