Sepleriň elýeterliligi

Mustafa: Türkmendigime buýsanýaryn


Mustafa Gül (sagda)

Mustafa Gül (sagda)

Türkiýede 661 ýyldan bäri özboluşly Ýagly göreş adaty dowam edip gelýär. Golaýda Antaliýanyň Kemer etrabynda bu adatdan ugur alnyp Altyn nar ýagly pälwanlyk göreşleri geçirildi. Pälwanlaryň endam-janyna zeýtun ýagy çalyp göreş tutup ýören meýdanynda şeýle çäräni gurnaýan Kemer etrabynyň şäher häkimi we özi hem ýagly göreş pälwany bolan Mustafa Gül Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy.

Wideo: Ýagly göreş

Azatlyk Radiosy: Kemer şäherçesiniň häkimi ýörük türkmeni Mustafa Gül söhbetdeşligimize başlamankak özüňizi dünýä türkmenlerine tanatsaňyz?

Mustafa Gül: Meniň atamyň asly Siriýaden Türkiýäniň Burdur welaýatynyň Bujak ertabyna göçüp gelen türkmenlerden. Bize “ketenijiler” diýýärler. Enem tarapyň maşgalasy Türkiýäniň dünýä belli turizm sebiti Antaliýanyň Kemer etrabynyň esasy ýerli ýörük-türkmen maşgalalaryndan.

Meniň ejem hem ýörük türkmeni, ýagny Gorkutili etrabyndan. Biz çagalarymyza hem ata-babalarymyzdan miras galan türkmenligi, öz milli-däp dessurlarymyzy dowam etdirmekligi ündeýäris. Şu wagt tutulyp duran ýagly göreşler hem Türkiýedäki türkmenleriň milli däp-dessurlaryndan biri.

Azatlyk Radiosy: Bilinişi ýaly türkleriň ata-watan hasaplaýan sebiti bolan Türkmenistanda tutlulýan göreş diňe guşak göreşi bolup durýar. Türkiýedäki türkmenleriň bu ýagly göreş adaty nähili ýüze çykypdyr we ýagly göreşiň kadalary nähili?

Mustafa Gül: Türkiýedäki türkmenleriň ýagly göreş adaty mundan 661 ýyl owal Almaly diýen ýerde döräp, hemme ýere ýaýrapdyr. Ondan ýedi-sekiz ýyl soňra hem Türkiýäniň Kyrkpynar diýen ýerinde ýagly göreşler ýörgünlilige eýe bolupdyr.

Biziň ata-babalarymyz hem öňki döwürlerde Antalýa we Kemer töwereginde ýagly göreş pälwanlygynda özüni tanadypdyr. Biziň häzirki mal-mülkümiz ýagly göreş bilen meşgullanan ata-babalarymyzyň ýygnan baýlyklarynyň dowamy bolup durýar.

Gadymy döwürlerde ýagly göreşlerde häzirki ýaly pul däl, eýsem düýe, öküz, goç-goýun ýaly baýraklar berilipdir. Ata-babalarymyz şeýle baýraklary mülke we pula çalşyp bize miras galdyrypdyrlar.

Türkiýede sebitlere görä göreşleriň görnüşi hem aýratynlyklaram tapawutlanýar. Türkmenistandaky ýaly guşak göreşiniň Türkiýede tutulýan sebitlerem bar. Türkmenistandaky ýaly guşakly göreşler Türkiýäniň esasanam içerki sebitlerinde tutulýar we şeýle göreşe türkçe “gara gujak göreşi” diýilýär.

Biz Türkiýede ýagly göreş bilen bilelikde ýaňky Türkmenistandaky ýaly guşak göreşi bolan “gara gujak göreşiniň” hem aýratyn federasiýasyny döretdik. Ýagly göreş hem edil guşak göreşi ýaly gadymy türkmen däp-dessurlary bilen baglanşykly bir göreş görnüşi.

Häzirki döwürde dünýä möçberinde tutulýan resmi ýer göreşleri bolsa gadymy türkmen göreşleriniň ýeňilleşdirilen göreşleri bolup durýar. Resmi ýer göreşleri alty minut dowam edýär. Ýagly göreş bolsa altmyş minut dowam edýär.

Ýagly göreşiň ýagdaýy pälwanlara bagly bolýar. Kä mahal meýdana çykan badyna garşydaşyny ýykýan pälwanam bolýar. Pälwanlaryň ikisem deň bolan mahaly adaty ýagdaýda kada görä ýagly göreş kyrk minut dowam edýär.

Soň aradaky san tapawudyny artdyrmaklyk üçin ýagly göreş pälwanlaryna on minut goşmaça wagt berilýär. Eger elli minut hem ýeterlik bolmasa, onda ýagly göreş pälwanlaryna tä biri beýlekisini ýykýança ýa-da san alýança çäklendirmesiz wagt berilýär.

Umuman alnanda Türkiýedäki türkmenleriň ýagly göreşi bir sagat onbäş-ýigrimi minut ýaly uzaga çekýän bir göreş. Ýagly göreşde arkasy ýere degen ýeňilen hasaplanýar. Ýagly göreşiň iň esasy aýratynlygy bolsa, onuň haýyr-yhsan işi üçin tutulýanlygydyr. Ýagly göreşlerde alynýan baýraklar jemgyýetçilik işlere ýa-da kömege mätäçlere goldaw işlerine bagyş edilýär.

Azatlyk Radiosy: Mustafa Gül, siz "Ata-babalarym hem ýagly göreş pälwany" diýdiňiz. Siz ýagly göreşe nähili başladyňyz we ýagly göreşde nähili üstünliklere eýe bolduňyz?

Mustafa Gül: Hawa, meniň ata-babalarym ýagly göreş tutan ady belli pälwanlar bolup geçen. Alty ýaşymda meni atam ýagly göreşe başlatdy. Ýagny men göreşe atamyň islegi boýunça başladym. Ýagly göreşde ýigrimi bäş-ýigrimi alty sany agalygym we köpsanly ýeňişlerim bar.

Azatlyk Radiosy: Mustafa Gül, Ýagly göreşiň Türkiýede ösüşi hem kämilleşmegi nähili bolupdyr we geljekde ýagly göreşler barada nähili planlaryňyz bar?

Mustafa Gül: Ýagly göreş mundan 661 ýyl owal Almaly diýen ýerde dörän hem bolsa, ýagly göreşleriň meşhurlyk gazanan ýeri soň Kyrkpynar etraby bolupdyr. Öňki döwürlerde aragatnaşyk we gatnaw mümkinçilikleri çäkli bolansoň ýagly göreşlere diňe geçirilýän etrap ýa-da sebitdäki pälwanlar gatnaşyp bilipdir.

Şol sebäpdenem diňe 1950-nji ýyllarda ýagly göreşler Türkiýäniň içerki sebitlerine ýaýrap başlapdyr. Öňki döwürlerde edil häzirki ýaly federasiýanyň kesgitlän kadalary bolmansoň ýagly göreş pälwanlary arakesmesiz uzak günläp hat-da birnäçe günläp göreş tutan mahallay hem bolupdyr.

Geljekde Türkiýedäki türkmenleriň gadymy ýagly göreş adatyny owal Kemer şäher häkimligimiziň guramaçylygynda gezelenç firmalary arkaly turistlere giňişleýin tanatmak isleýäris.

Bilnişi ýaly Antalýa dünýäde özüne iň köp turist çekýän üçünji dynç alyş ýeri bolup durýar. Antaliýanyň Kemer etraby bolsa sebitiň iň owadan we aýratyn özboluşlylyga eýe esasy köpçüligi özüne çekýän bir ýeri.

Antaliýanyň Kemer etrabyna ýigrimä golaý ýurtdan millionlarça turist dynç alyşa gelýär. Biziň maksadymyz ilkinji nobatda şol turistlere Türkiýedäki türkmenleriň gadymy ýagly göreşini tanatmaklyk.

Kemeriň dynç alyş üçin aýratyn özboluşlulyklaryny tanatmaklyk maksady bilen “Jennete gitmek üçin ölmäge gerek ýok. Kemere gelmek ýeterlik” şygary bilen alyp barýan turizm tanadyş tagallalarynda hem ýagly göreşler esasy orun alýar.

Azatlyk Radiosy: Türkiýeli türkmenleri ata-watanymyz diýýän ýurdy türkmenistanyň Hazar deňiziniň kenarynda hem “Awaza” atly bir turizm merkezi bar. “Awaza” boýunça edilýän turizm işlerine nähili baha berýärsiňiz?

Mustafa Gül: Meniň turizm boýunça bilimim ýok. Men turizmi pudakdaky iň aşakdaky wezipeden başlap, iň ýokardaky wezipä çenli ädim-ädim öwrenip, kämilleşmeklik bilen öwrendim.

Men 1976-njy ýyldan bäri turizm pudagynyň içinde işläp ýörün. Häzir meniň öz hususy turistik dynç alyş desgalarym hem bar. 1994-nji ýylda Antalýanyň Kemer etrabynyň şäher häkimligine saýlanan mahalym turizm boýunça alyp baran işlerimiz hemmelere nusga boldy.

Şondan bäri hem Türkiýäniň turizm ministrligi Kemer etrabyndaky turizmi hemmelere görelde görkezýär. Türkmenistandaky “Awaza” turizm merkezi barada şeýle diýmek bolar. Turizm merkeziniň hemme zatdan owal gurluşyny amatly ýagdaýa getirmeklik zerurdyr. Ondan soň ol ýerdäki dynç alyş şertlerini hemmelere elýeterli bolar ýaly etmeli.

“Awazada” eilmeli gaty köp iş bar. Şonuň üçinem “Awaza” barada has täsirli pikir hem tejribe edinmeklik üçin degişli ýolbaşçylary we hünärmenleri Kemere çagyrýaryn. “Awazada” ýerinde tejribelerimizi paýlaşmagymyz islense, şeýle iş hyzmatdaşlygyna hem açykdygymyzy Azatlyk Radiosynyň üsti bilen bildirmek isleýärin. Kemerdäki turizmiň dolandyrylşyk we hyzmat pudagy tejribeleriniň “Awaza” gaty uly görelde hem nusga boljakdygyna ynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Özüne türkmen diýýän Türkiýäniň Antalýa welaýatynyň dünýä belli turistik etraby Kemeriň şäher häkimi we Türkiýedäki türkmenleriň gadymy ýagly göreşleriniň bir pälwany höküminde Azatyk Radiosy arkaly dünýä türkmenlerine näme diýmek isleýärsiňiz?

Mustafa Gül: Hemme zatdan owal özüňe türkmen diýmeklik gaty beýik duýgy. Ata-babalarym türkmen bolany hem-de şol sanda türkmenler üçin uly işler bitirendikleri sebäpli özümi gaty buýsançly duýýaryn.

Men özüm ýaly türkmen bolan hemmeleriň şeýle duýgulary başdan geçirýändigine ynanýaryn. Dünýäniň dürli ýerine ýaýran türkmenler hökmany suratda biri-birine eýe çykmaly. Ýagşy günde gara günde hemişe birek-biregi goldap durmaly.

Dünýä türkmenleriniň duş gelýän kynçylykly pursatlaryny edil öz başymyzdan geçýän ýaly hasaplap çözmäge kömekleşmeli. Dünýädäki türkmenleri hemişe birek-biregini goramaly. Türkiýede on-on bäş tapawutly ýurduň raýatlarynyň mül alyp hemişelik ýaşaýan Kemer şäherine bir türkmen bolup dünýä türkmenleriniň adyndan häkimlik hem wekilçilik edýändigime buýsanýaryn. Şeýle duýgular bilen dünýä türkmenlerini turizm jenneti Kemere şeýle buýsançlary paýlaşmaga çagyrýaryn.
XS
SM
MD
LG