Sepleriň elýeterliligi

Kenýa: Söwda merkeziň zamunlygy dowam edýär


Zamun alnan söwda merkezi. Kenýa. 21-nji sentýabr, 2013 ý.

Zamun alnan söwda merkezi. Kenýa. 21-nji sentýabr, 2013 ý.

Kenýanyň paýtagty Nairobide howpsuzlyk güýçleri bir söwda merkezini zamun alan yslamçy söweşijilere garşy göreşýärler.

Ýerli resmiler söwda merkezinde 10-15 aralygynda söweşijiniň we näbelli sanda parahat ilatyň bardygyny habar berýärler.

Howpsuzlyk güýçleri söwda merkeziniň şenbe güni zamun alnandan bäri, 59 adamyň ölendigini aýdýarlar. 1000-e golaý adamy söwda merkezinden çykarmak başartdy.

Kenýanyň resmileri söwda merkezinde Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň hem söweşijilere garşy göreşýändigini tassykladylar. Ysraýylyň Daşary işler ministrligi bu boýunça kommentariýa bermekden saklandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini ekstremist “Al-Şabaab” topary öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG