Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Partlamalarda onlarça adam öldi


Bagdatda amala aşyrylan partlamadan soňky ýagdaý.

Bagdatda amala aşyrylan partlamadan soňky ýagdaý.

Bagdadyň aglaba şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan sebitinde azyndan iki bomba hüjümi amala aşyryldy. Wakada 50 töweregi adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Resmiler Sadr şäherinde jynaza namazy gidýän mahaly hem bir bombanyň partladylandygyny aýdýarlar. Bu hüjümde onlarça adamyň ýaralanandygy nygtalýar.

Hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG