Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Kararlaryň ýerine ýetirilişi barlanar


Türkmenistanda prezidentiň kararlarynyň ýerine ýetirilişi barlanar. Resmi maglumata görä, şeýle barlaglar Aşgabatda we ýurduň ähli welaýatlarynda geçiriler.

Prezidentiň ýörite permany bilen dörediljek pudakara komissiýa ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň ýerli edaralarynyň prezidentiň kararlaryny ýerine ýetirişlerini barlar. Barlaglar Türkmenistanyň kanun goraýjy we harby edaralarynda hem geçiriler.

Geçiriljek barlaglaryň ýurduň sosial-ykdysady ösüşi boýunça programmalaryň amala aşyrylyşyna hem degişli boljakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG