Sepleriň elýeterliligi

Kansler Merkel üçünji möhlete saýlandy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň koalisiýasynyň saýlawlarda gazanan ýeňişi Merkeliň Ýewropanyň iň güýçli ykdysadyýetli ýurduna üçünji sapar ýolbaşçy bolmagyna mümkinçilik döretdi.

Ýekşenbe günki saýlawlaryň netijeleri Merkeliň konserwatiw “Hristian demokratik partiýasynyň” “Hristian sosial bileleşigi” bilen ýaranlykda sesleriň 41,5 %-tini toplandygyny görkezdi. Şol bir wagtda-da Merkeliň häzirki koalisiýasy boýunça partnýory “Azat demokratik partiýasy” parlamentiň düzümine girmek üçin zerur sesleriň 5%-tini toplap bilmedi.

Saýlawlaryň netijeleri Merkeliň täze koalisiýany döretmek üçin potensial partnýor hökmünde sesleriň 25.7%-tini toplan merkezçi-çepçi “Sosial demokratlar partiýasy” bilen gepleşik alyp barmaly boljakdygyny görkezýär. Täze koalisiýanyň döredilmegi üçin ençeme hepdäniň dowamynda agyr gepleşikleriň alnyp baryljakdygyna garaşylýar.

Merkel Germaniýada Ikinji Jahan urşundan soňky döwürde üç gezek kansler wezipesinde galýan üçünji ýolbaşçydyr. Ondan öň Kondrad Adenauer we Helmut Kol üç sapar Germaniýanyň kansleri bolupdy.
XS
SM
MD
LG