Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hristianlar protest geçirýärler


Pakistanly hristianlar ýekşenbe güni hristian kilisesinde onlarça adamyň ölümine sebäp bolan partlamalardan soň tutuş ýurt boýunça protest çykyşlaryny geçirýärler.

Peşawardan demirgazyk- günbatar tarapynda ýerleşýän şäheriň “Ähli mukaddesleriň” ybadathanasy atly kilisede bolan partlamanyň Pakistanda hrisianlara garşy iň aýylganç hüjümi bolandygy aýdylýar.

Duşenbe güni hristianlara bu hüjüme protest bildirip ýurduň ähli ýollaryny böwetlediler.

Resmiler bu partlamada heläk bolanlaryň sanynyň 81 adamdan aşandygyny habar beriler. 130 çemesi adam ýaralanypdyr.

Ýekşenbe günki bu hüjümleriň jogapkärçiligini “Talyban” hereketiniň ýanyndaky “Junood ul-Hifsa” guramasy öz üstüne aldy we munuň Pakistanyň Owganystan bilen serhedine golaý ýerde ABŞ-nyň Talybana we Al Kaýda garşy eden zarbalaryna jogap bolup durýanygyny mälim etdi.

Hristianlar Pakistanyň 180 milliona golaý ilatynyň diňe 2 çemesi prosentini emele getirýärler.
XS
SM
MD
LG