Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Garaşsyz neşir gadagan edildi


Gazagystanyň Almata şäheriniň sudy ýurduň ýene bir garaşsyz neşriniň işini üç aýlyk togtatdy. Duşenbe günki sud diňlenişigine “Aşyk Alan” atly neşriň 1130 dollar möçberde jerime tölemegi barada karar çykaryldy. Bu neşir döwürleýin çap edişlik düzgünleri bozmakda aýyplandy.

Gazetiň redaktorlary 10-njy iýulda 21-nji awgusta çenli öz žurnalistleriniň dynç alyşda bolandyklaryny aýdýarlar we hut şu sebäpli neşriň çap bolmandygyny habar berýärler. Olar suduň çykaran kararyndan şikaýat etmek planlaryny mälim etdiler. “Aşyk Alan” atly gazet gazak häkimiýetleri babatynda tankydy maglumatlary çap etmek bilen tanalýar.

Soňky ýylda Gazagystanyň sudy ýurduň ençeme gazetlerini we websaýtlary gadagan etdi. Ýurduň prokuraturasy ýurduň iki sany oppozision toparyny we onlarça oppozision mediýa serişdelerini ekstremist diýip yglan etdi.
XS
SM
MD
LG