Sepleriň elýeterliligi

Pusy Raýot açlyk yglan edýär


Orsýetiň Pusy Raýot pank toparynyň agzasy tussaglykda saklanýan Nadežda Tolokonnikowa açlyk yglan etdi. Ol türme administrasiýasynyň ony öldürmek barada haýbat atýandygyny aýdýar.

Bu barada duşenbe güni Tolokonnikowanyň adamsy Pyotr Werzilow habar berdi. Onuň sözlerine görä, Nadežda Tolokonnikowa türmäniň ýolbaşçylary, sakçylary we administrasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän tussaglar tarapyndan ony öldürmek barada haýbatlar atylýar.

Nadežda Tolokonnikowa we Pussy Raýot toparynyň ýene bir agzasy Mariýa Alýohina iki ýyl möhletli türme tussaglygynda saklanýarlar. Olar dini ýigrenji tutaşdyryjy bidüzgünçilikde aýyplanýarlar. Pusy Raýot toparynyň üç agzasy 2012-nji ýylyň fewral aýynda Moskwanyň Baş ybadathanasynda Wladimir Putine garşy aýdym aýdansoň tussag edilipdi. Bu tutha tutluk günbatar döwletleriniň hökümetleri we adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan ýazgarylypdy.
XS
SM
MD
LG