Sepleriň elýeterliligi

Timoşenkonyň sud işi yza tesdirildi


Ýuliýa Timoşenkonyň müňlerçe tarapdary we garşydaşlary duşenbe güni Ukrainanyň Harkow şäheriniň Şikaýatlara garaýan sudunyň öňünde jemlendi. Protestler Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň salgytdan gaçmagy bilen bagly aýyplanmalar esasyndaky işine suduň garamagynyň öňüsyrasynda geçirildi.

Timoşenkonyň saklanýan türmesiniň ýolbaşçysy onuň sud jaýyna barmakdan ýüz öwürendigini yglan edensoň, sud diňlenişigi yza tesdirildi.

Öz häkimiýetinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Ýuliýa Timioşenko 1990-njy ýyllarda hususy energiýa kompaniýasyna ýolbaşçylyk eden döwründen millionlarça amerikan dollary salgytdan gaçyrmakda günälenýär. Ol özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär. Timoşenkonyň işi Ukrainanyň we Günbatar döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýaramazlaşdyrdy. Günbatar Timoşenkonyň işi syýasylaşdyrylan, diýip hasap edýär.
XS
SM
MD
LG