Sepleriň elýeterliligi

Orazow: "Arassa işlemek gaty kyn"


Türkmenistanyň hukuk goraýjy organyna degişli resmileri

Türkmenistanyň hukuk goraýjy organyna degişli resmileri

20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, hökümet başlygynyň käbir orunbasarlary bilen bir hatarda, dürli edara-kärhanalaryň dürli derejelerdäki onlarça ýolbaşçysy wezipesinden boşadyldy.

Niýazowyň döwründäki ýaly, bu çäre Türkmen telewideniýesi arkaly halk köpçüligine hem ýetirildi we şol ýolbaşçylara özlerine garşy ýöňkelýän aýyplamalar boýun aldyryldy. Bu indi garaşsyzlyk ýyllarynda adaty ýagdaýa öwrüldi.

Eýsem, ýolbaşçylary wezipelerinden boşatmak prosesi nähili geçirilýär? Wezipesinden boşadylmaly edilen ýolbaşçylar özlerine garşy görülmeli çäreden haçan habarly bolýar? Olar özlerine garşy görülen çäreden öň, onuň dowamynda we ondan soň nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler?

Azatlyk Radiosy, bu soraglaryň jogaby bilen gyzyklanyp, öňki ýokary derejeli hökümet ýolbaşçysy, Türkmenistanyň merkezi bankynyň öňki başlygy Hudayberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG