Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Myrat Annanepesiň ýagty ýadygärligine


Türkmenistanyň Ylymylar akademiýasy. 2013 ý.
Türkmenistanyň Ylymylar akademiýasy. 2013 ý.
Taryhçy alym Myrat Annanepes 18-nji sentýabrda dünýesini täzeledi. Onuň dünýeden ötmegi türkmen ylmy üçin agyr ýitgi. Ol türkmeniň taryhyna, milli mertebesine hossar çykan alymlaryň biridi.

Olar ýaly alymlar indi Türkmenistanda barmak basyp sanaýmaly. Ýurtda ýaş alymlaryň göwün diýerlik ýetişdirilmezligi, Myrat Annanepes ýaly alymlaryň aramyzdan gitmeginiň ajysyny has-da artdyrýar.

Myrat Annanepes
Myrat Annanepes
Myrat Annanepes entek sowet döwründe ady dünýä ýaýran az sanly türkmen alymlarynyň biridi. Maňa irki döwürlerde onuň käbir işleri bilen tanyşmak miýesser etdi. Ol döwürlerde entek men Türkmenistana baryp görmändim, irde-giçde görüp biljegim-de gümanady. Sebäbi, bilşiňiz ýaly, SSSR ýapyk ýurtdy, türkmenler bolsa daşary ýurtlara beýleki halklardan has az göýberilerdi. Iki-ýeke Günbatar ýurtlaryna gelýänleri-de, dolandyryjylara berk bagly adamlar bolup, olar hökümetden görkezme bolmasa, daşary ýurt türkmenleri bilen asla duşuşmazdylar.

Ine, şeýle kyn döwürde uly türkmen şahsyýetleriniň, alymlarynyň, ýazyjylarynyň ady açyk dünýä gelip ýetse, depämiz göge dirärdi, begenerdik, buýsanardyk. Taryhçy alym Myrat Annanepes hem şol döwürlerde ady erkin dünýä çykan türkmenleriň biridi.

Halkyna bolan söýgi

Men onuň sowet döwründe nähili kyn şertlerde işländigini aňlaýaryn. Elbetde, ol wagtlar ýazjagyňy ýazyp, diýjegiňi diýmek mümkin däldir. Beýle erkinlik bolan bolsa, onda oňa stalinizm diýilmezdi. Emma Myrat Annanepesiň ýüreginde öz halkyna ynam hem tükeniksiz söýgi göterip gezendigini biz SSSR-de Üýtgedip gurmak syýasaty başlananda, äşgär gördük. Şonda ol ”Sowet edebiýaty” žurnalynda "Taryh dogruçyl öwrenilende" atly uly göwrümli makala bilen çykyş etdi. Ol ylmy makala beýik alymyň hut öz ýürek agysydy, onlarça ýyl ýüreginde berç alyp ýatan duýgy-düşünjesiniň ylmy beýanydy.

Bu batyrgaý ylmy makalada ol, türkmen alymlarynyň arasynda ilkinji bolup, bir hakykaty açdy. Ýagny, Türkmenistanyň Orsýete meýletin birikmändigini, eýse biziň topragymyzyň ganly uruş esasynda basylyp alnandygyny anyk faktlaryň esasynda paş etdi. Şeýle mert ädimiň özi-de bu alymyň hemişelik hormatlanmagy üçin ýeterlikdir.

Myrat Annanepesiň garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň taryhyna degişli uly bir ylmy iş ýazandygy köplere mälim. Meniň bilşimçe, ol ”Türkmenistanyň taryhy” atly göwrümli golýazma bolmaly. Gynansak-da, ol ylmy iş häzire çenli-de kitap görnüşinde çap edilenok.

Eger-de şol golýazma kitap edilip, türkmen okyjylaryna ýetirilse, onda bu türkmen taryhy ylmyna goýlan uly hormat hem-de beýik türkmen alymy, akademik Myrat Annanepese bagyşlanan iň uly ýadygärlik bolardy.

Sözümiň soňunda 1991-nji ýylda, entek SSSR ýykylmanka, Londonda bolup geçen bir wakany ýatlamakçy. Şonda men Angliýa iş sapary bilen gelen Myrat Annanepesi Türkmenistana ugratdym. Hoşlaşyp durkak, onuň gözlerinde ýaş gördüm. Sebäbini sorasam, ol maňa "Bir türkmeniň, seniň bu ýurtda ýeke galýandygyňa ýüregim gyýylýar" diýdi. Bu gün meniň hem ýüregim gyýylýar, gözlerimede – ýaş. Çünki uly alym, 18-nji sentýabrda bizi müdimilik goýup gitdi. Goý, onuň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennetden bolsun!

Awtor:
Professor Ýusup Azmun, Kipriň dürli Uniwersitetlerinde Türkulogiýa boýunça sapak beren we häzirki döwrde hormatly dynç alyşdaky asly Eýranly türkmenlerden bolan dilçi Alym. Makalada öňe sürlen pikirler awtoruň şahsy garaýyşlarydyr.
XS
SM
MD
LG