Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýa boýunça teklip etdi


Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa boýunça rezolýusiýasynda BMG-niň düzgünnamasynyň dördünji maddasynyň agzalmalydygyny aýadýar. Bu madda güýji ýa berk sanksiýalary ulanmagy göz öňünde tutuýar.

Sişenbe güni Moskwada eden çykyşynda Rýabkow bu çäräniň diňe himiki ýaraglaryň ulanylmagy bilen baglylykda göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Şeýle-de, Rýabkow Orsýetiň Döwlet Dumasynda eden çykyşynda BMG-niň himiki ýaraglar boýunça inspektorlarynyň çarşenbe güni Damaska gaýtadan baryp Siriýadaky konfliktde himiki ýaraglaryň ulanylmagyna degişli derňewlerini dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

Derňewçiler topary 21-nji awgustda Damaskyň golaýynda bolan himiki hüjümler boýunça öz derňewlerini dowam etdirerler. ABŞ şol hüjümlerde 1 400 adamyň wepat bolandygyny aýdýar. Orsýet Siriýanyň himiki ýaraglaryny halkara gözegçiligine bermegi boýunça plany öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG