Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: “Greenpeace” günälendi


Orsýetiň häkimiýetleri tebigaty goraýjy “Greenpeace” guramasynyň 30 çemesi aktiwistini berk jezalandyrmak planlary barada habar berdiler. Aktiwistler “Gazprom” kompaniýasynyň Arktikada alyp barýan nebit önümçilik işlerine garşy çykyş etdiler.

Orsýetiň Derňew komitetiniň metbugat wekili Wladimir Markiniň sişenbe güni aýtmagyna görä, äktiwistleriň ählisi olaryň haýsy ýurduň raýaty bolmagyna garamazdan guramaçylykly galtamançylykda aýyplanyp sud işine çekilerler. Olar günäli, diýlip hasaplanan ýagdaýynda 15 ýyl möhletli türme tussaglygyna höküm edilmekleri mümkin.

Orsýetiň Kenarýaka gözegçilik gullugy “Arktik Sunrise” atly gämini we onuň içinde “Greenpeace” guramasynyň aktiwistlerini geçen hepdede saklapdy. Olar “Gazpromyň” burawlaýjy desgasyna girmäge synanyşypdy.

Aktiwistler Murmansk portuna eltilen gäminiň içinde saklanýarlar.

Orsýetiň prezidentiniň apparatynyň başlygy Sergeý Iwanow şenbe güni Stokgolmda eden çykyşynda “Greenpeace” guramasynyň protest aksiýasyny “Somali galtamanlaryna mahsus” hereket, diýip atlandyrdy.

“Greenpeace” halkara guramasy öz aktiwistlerine garşy ýöňkelýän aýyplamalary ret etdi we orsýet häkimiýetleriniň bu aýyplamalary halkara gämisini bikanun saklamagyna delil hökmünde ulanjak bolýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG