Sepleriň elýeterliligi

Tolokonnikowanyň arzy nazara alyndy


Orsýetiň prezidentine garşy çykyş edip türmä höküm edilen “Pussy Raýot” pank toparynyň agzasy Nadežda Tolokonnikowanyň açlyk yglan edenden soň “howpsuz kamera” geçirilendigi habar berildi.

Orsýetiň tussaghanalaryna gözegçilik edýän Federal agentligiň sişenbe güni eden beýannamasyna görä, Nadežda Tolokonnikowanyň özüne ölüm howpunyň abanýandygy barada eden şikaýaty sebäpli ol ýeke tussaga niýetlenen kamera geçirilipdir.

Tolokonnikowa türmäniň ýolbaşçylarynyň we beýleki tussaglaryň özüne haýbat atýandygyny aýdyp, açlyk yglan edipdi.

Nadežda Tolokonnikowa we “Pusy Raýot” pank toparynyň ýene bir agzasy Mariýa Alýohina dini ýigrenji tutaşdyryjy bidüzgünçilikde aýyplanyp iki ýyl möhletli türme tussaglygynda saklanýarlar. Pusy Raýot toparynyň üç agzasy 2012-nji ýylyň fewral aýynda Moskwanyň Baş ybadathanasynda Wladimir Putine garşy aýdym aýdansoň tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG