Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani ýadro gepleşiklerini goldaýar


Prezident Hassan Rohani BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda. Nýu-Ýork. 24-nji sentýabr, 2013 ý.
Prezident Hassan Rohani BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda. Nýu-Ýork. 24-nji sentýabr, 2013 ý.
Eýranyň we ABŞ-nyň prezidentleri Tähranyň dawaly ýadro programmasy bilen bagly petige dirän gepleşikleri täzeden başlamak mümkinçiliklerini goldap çykyş etdiler.

Emma, muňa garamazdan, sişenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda prezidentler Barak Obama bilen Hassan Rohani özara duşuşyp, gepleşik geçirmediler.

ABŞ-nyň resmileri Obamanyň gepleşikleri geçirmäge taýýar bolandygyny, emma Eýran tarapynyň, käbir bökdençlikleri bahanalap, duşuşykdan ýüz öwrendigini aýdýarlar.

Eger-de ABŞ-nyň we Eýranyň lideriniň gepleşigi başa baran bolsady, bu iki ýurduň liderleriniň soňky 36 ýylyň içinde ilkinji gezek özara duşuşdygy bolardy.

Diplomatiki gatnaşyklar ýok

1980-nji ýyldan bäri Waşington bilen Tähranyň hiç hili diplomatiki gatnaşyklary ýok. Şol ýyl, Yslam rewolýusiýasynyň başlanan döwürleri, yslamçylar tarapyndan ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynyň köp sanly işgärleri uzak wagtlap zamun alnypdy.

Emma sişenbe güni Rohani Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland bilen duşuşdy. Fransiýa Eýranyň alyp barýan ýadro işlerini gözegçilige almak boýunça Waşingtonyň çagyryşlaryna goşulýar. Günbatar Tähranyň ýadro programmasyna dulanyp, ýadro ýaragyny edinmeginden howatyr edýär.

Eýranyň syýasy sistemasynda Rohani aram syýasatçy hökmünde tanalýar. Ol iýun aýynda prezidentlige saýlanyp, awgustda hem öz weziesine girişdi. Rohani Tähranyň dawaly ýadro programmasy sebäpli Günbatar bilen dörän dartgynly gatnaşyklary gowşatmak ugrunda has ylalaşykly tutumy saýlap biljekdigini duýdurypdy.

Baş Assambleýadaky çykyşynda Rohani Eýranyň “özara ylalaşygy gazanmak üçin, anyk möhleti kesgitlenen we belli bir netijä gönükdirilen gepleşiklere tizden-tiz goşulmaga taýýardygyny” aýtdy.

Sanksiýalar

Rohani öz ýurdunyň ýadro ýaragyny özleşdirýändigini inkär etdi. Ol munuň Tähranyň alyp barýan howpsuzlyk we goranyş syýasatyna ters gelýändigini belledi.

Rohani: “Eýranyň ýadro programmasy, edil beýleki döwletlerde hem bolmalysy ýaly, diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendir. Ýadro ýa-da beýleki köpçülikleýin gyryş ýaraglary Eýranyň goranmak doktrinasyna, şeýle-de dini we ahlak kadalaryna ters gelýär” diýdi.

Şeýle-de Rohani Tähranyň ýadro programmasy sebäpli Eýrana garşy sanksiýalaryň girizilmegini gynandyryjy diýip atlandyrdy. Eýranyň prezidenti munuň netijesinde adaty eýranlylaryň “ejir çekýändigini” belledi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Eýrana garşy dört tapgyr halkara sanksiýalaryny girizipdi. Munuň üstesine, ABŞ we onuň ýaranlary Tährana garşy öz aýratyn alnan gadagançylyklaryny hem girizdiler.

Bu sanksiýalaryň netijesinde Eýranyň ykdysadyýetiniň özenini düzýän nebitiň eksporty kemeldi. Şeýle-de Tähranyň daşary ýurtlar bilen amala aşyrylýan halkara bank operasiýalary çäklendirildi.

Rohani öz çykyşynda Obamanyň administrasiýasyna ýüzlenip, ony “jeňbaz toparlaryň basyşyny” diňlemezlige çagyrdy. Ol sözüni dowam etdirip, Eýranyň we ABŞ-nyň arasyndaky üýtgeşikliklere “eýermek” üçin Tähranyň Waşington bilen gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG