Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri oppozisioneriň ogly pyçaklandy


Azerbaýjanyň oppozisiýasynyň ogly nämälim hüjümçi tarapyndan pyçaklandy we ýenjildi.

Duşenbe güni edilen hüjümlerden soň Bakuwyň hassahanasynda bejergi alýan Ali Gulaliýewiň saglyk ýagdaýy gowulaşýar. Ol prezidentlige dalaşgär oppozisioner Jamil Hasanliniň metbugat wekili Oktaý Gulaliýewiň ogludyr.

Sişenbe güni giçlik Azerbaýjanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili hüjümiň bolandygyny tassyklady, emma onuň syýasy maksatly däldigini belledi.

Şeýle-de, duşenbe güni Azerbaýjanyň oppozision “Halk Front” partiýasynyň lideri Ali Karimliniň ogly 25 gün türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Turkel Karimli prezidentlige dalaş edýän garşydaş kondidatlaryň plakatlaryny ýumurmakda günäli tapylypdy.

Karamli Hasanli saýlaw toparynyň agzasydyr. Hasanli Azerbaýjanyň oppozisiýasy tarapyndan prezidentlige dalaş edýän ýeke täk kandidatdyr.

Hasanli 9-njy sentýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlary üçin taýýarlyk görýär. Onuň bu saýlawlardaky garşydaşy Azerbaýjanyň häzirki prezidenti Ylham Aliýew bolar.
XS
SM
MD
LG