Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda 230 adam öldi


Pakistanyň harbylary ýurduň günorta-günbataryndaky Balojistan welaýatyndaky ýer titremede pida bolanlara gyssagly kömek bermäge synanyşýarlar. Ýer sarsgynynda 230-dan gowrak adam ölüp, ýüzlerçesi hem ýaralandy.

Sişenbe güni öýlän Awaran we onuň golaýyndaky Hudzar etrabynda 7,7 bal derejesinde bolan ýer titremäniň netijesinde onlarça ýaşaýyş jaýy we aragatnaşyk liniýalary weýran boldy.

Ýer titremäniň täsiri takmynan 1200 kilometr uzaklykda ýerleşýän Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide hem duýuldy.
XS
SM
MD
LG