Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň inspektorlary Damaska bardy


Birleşen Milletler Guramasynyň inspektorlary Siriýada edildi diýilýän zäherli gazly hüjümleri derňemek üçin gaýtadan Damaska bardylar.

Ekspert Ak Selstromyň ýolbaşçylygyndaky toparyň 30 aý töweregi dowam edýän konfliktde 14 sapar ulanyldy diýilýän himiki ýaraglary derňemegine garaşylýar. Häzire çenli siriýa konfliktinde 110 müňden gowrak adamyň ölendigi çaklanylýar.

Toparyň geçen aý Siriýa eden deslapky saparyndan soň ekspertler 16-njy sentýabrda ýaýradan raportynda himiki ýaraglaryň giň göwrümde, şol sanda 21-nji awgustda Damaskyň eteginde ulanylandygy barada netijä gelipdi.

Sellstrom raportyň ýaýradylan ilkinji dokumentdigini, beýleki himiki hüjümleriň bolsa gözden geçirilmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle-de, Sellstrom Siriýada ulanyldy diýilýän himiki hüjümler baradaky iň soňky raporty toparyň “oktýabr aýynyň ahyrynda köpçülige ýaýratmagynyň mümkindigini” sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG