Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Greenpeace”-iň aktiwistleri tussag edildi


Tebigaty goraýjy “Greenpeace” guramasy daşky-gurşawy goraýan toparyň aktiwistleriniň Russiýanyň Murmansk şäherindäki we onuň töweregindäki deslapky tussaghanalara äkidilendigini habar berýär.

Russiýanyň resmileri aktiwistlere garakçylyk esasynda aýyplamalaryň bildirilmeginiň mümkindigini aýtdylar.

Muňa garamazdan, çarşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “Greenpeace” guramasynyň aktiwistleriniň “garakçy däldigini”, olaryň halkara kanunlaryny bozandygyny aýdypdy.

Russiýanyň Kenarýaka gözeçilik gullugy geçen hepde "Arctic Sunrise" atly gämini we onuň içinde “Greenpeace” guramasynyň aktiwistlerini ele salypdy. Olar "Gazprom" kärhanasynyň eýeçiligindäki burawlaýjy desgasynyň içine girmäge synanyşypdyr.

“Greenpeace” guramasynyň Murmanskdaky aktiwisti Ýewgeniýa Belýakowanyň aýtmagyna görä, deňizde häkimiýete garşy geçiren protestleri üçin 30 russiýaly we daşary ýurtly aktiwist sorag-jogaba çekilipdir. Aktiwistler sişenbe güni gije tussag edilipdiler.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy rus häkimiýetiniň aktiwistleri garakçylyk bilen aýyplamak baradaky planyny ýazgardy.
XS
SM
MD
LG