Sepleriň elýeterliligi

Karimowalar gatnaşyk saklamaýar


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň iň kiçi gyzy Lola Karimowa-Tyllaýewa “BBC” korporasiýasyna beren interwýusynda takmynan 12 ýyldan bäri gyz dogany bilen gatnaşmaýandygyny aýtdy.

35 ýaşly Karimowa-Tyllaýewa Özbegistanyň “UNESCO”-daky hemişelik wekilidir we ol birnäçe ýyl bäri Fransiýada ýaşaýar.

Ol öz interwýusynda “Biziň ne maşgala, ne-de dostlukly gatnaşyklarymyz bar” diýip, özleriniň çagalykdan bäri ýakyn aragatnaşykda däldigini belledi.

Şeýle-de, ol adamysynyň olaryň durmuş toýundan soň baý bolandygy barada aýdylýanlary ret etdi. Karimowa adamysy Timur Tyllaýewiň öz biznesini özbek prezidenti Yslam Karimowyň ýa-da prezidentiň dostlarynyň kömegi bolmazdan, Şwesariýada we Özbegistanda gurnandygyny aýtdy.

Karimowa özüniň “diktatoryň gyzy” diýip atlandyrylmagyna garşydygyny hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG