Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: NATO-nyň esgeri öldürildi


Penşenbe güni Owganystanyň gündogarynda harby lybasa geýnen bir owganly NATO-nyň esgerini öldürdi.

Harby bileleşigiň ýaýradan beýanatynda wakanyň bolan ýeriniň häzirki wagt howpsuzdygy we güman edilýän ýaragly adamyň öldürilendigi mälim edilýär. Beýanatda goşmaça maglumatlar berilmeýär.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik owgan resmisi wakanyň Paktia welaýatynda ýüz berendigini aýtdy.

Mundan ozal şenbe güni Paktia welaýatynyň paýtagty Gardez şäherinde owgan harby eşigindäki nämälim hüjümçi üç NATO esgerini ýaragdan ot açyp öldüripdi.

Bu aralykda "Nemes" habar gullugynyň Owganystanyň Hanabat etrabynyň gubernatory Haýatullah Amira salgylanyp berýän maglumatyna görä, Gunduz welaýatynda “Talyban” hereketiniň söweşijileri diýilip güman edilýänler tarapyndan owgan armiýasynyň dört esgeri alnyp gaçylypdyr.
XS
SM
MD
LG