Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad harby hüjüm barada sözledi


Prezident Başar al-Assad Siriýa režiminiň halkara ýolbaşçylaryň gözegçiliginde himiki ýaraglary ýok etmek baradaky planlaryna garamazdan, Birleşen Ştatlaryň Damaska garşy harby zarbalary entäk hem güýçde galýana meňzeýär diýdi.

Assad Wenesuelanyň telewideniýesine beren interwýusynda ABŞ-nyň Korea, Wietnam, Liwan, Somali, Owganystan we Yrak konfliktlerine goşulyşyny ýatladyp, Birleşen Ştatlaryň “bir çozuşdan beýleki çozuşa geçýändigini” aýtdy.

Assad “bu saparky bahana himiki ýaraglar boldy, inidiki sapar başga bir zat bolar” diýdi. Muňa garamazdan, Assad himiki ýaraglaryň garşysyna ABŞ-nyň we Russiýanyň ylalaşygy çäginde gol goýlan şertnama Siriýanyň entäk hem wepalydygyny we onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin “hiç hili bökdençligiň ýokdugyny” belledi.

Ýöne Assad “terroristler” halkara ekspertleriniň gürrüňi edilýän “takyk ýerlere” barmagynyň öňüni almagy mümkin diýdi. Assadyň režimi söweşijilere "terrorist" diýip ýüzlenýär.
XS
SM
MD
LG