Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani ylalaşyga gelmek isleýär


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Birleşen Ştatlaryň metbugatyna beren täze interwýusynda Eýranyň ýadro programmasy barada iň giç üç aý bilen alty aý aralygynda dünýä liderleri bilen ylalaşyga gelmäge umyt edýändigini aýtdy.

Rohani "The Washington Post" gazetine beren interwýusynda özüniň üç aý içinde ylalaşyga gelinmegi “isleýändigini”, emma onuň alty aý içinde bolsa-da “kanagatlanarlyklydygyny” belledi. Ol bu döwrüň “birnäçe ýylyň däl-de, aýlaryň dowamynda” geçirilmelidgini nygtady.

Şeýle-de, Rohani “ýadro programmasy baradaky gepleşikleriň soňuna ýetmegi üçin Eýranyň baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi tarapyndan doly ygtyýarlandyrylandygyny” hem sözüne goşdy.

Rohaniniň bu sözleri Eýranyň ýadro programmasy barada penşenbe güni Nýu-Ýorkda geçiriljek halkara gepleşikleriň öň ýanynda çap edildi.

Nýu-Ýorkda geçiriljek bu gepleşiklere Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarifiň we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG