Sepleriň elýeterliligi

Etnik orslar nähili ýaşaýarlar?


Türkmenabat, 9-njy mart, 2013.

Türkmenabat, 9-njy mart, 2013.

Türkmenistanda biometrik pasort almakda etnik orslaryň-da kynçylyk çekýändigi habar berilýär. Olaryň kynçylyklary nämeden ybarat? Umuman, Türkmenistanyň ors ilatynyň durmuşy nähili?

Azatlyk Radiosy türkmenistanly graždan aktiwisti Natalýa Şabunts bilen bu barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda pasport almakda ors ilatynyň kynçylyk çekýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar. Nähili kynçylyklar barada gürrüň gidýär?

Natalýa Şabunts: Soňky aýlarda adamlar pasport almak boýunça düzgünlerde takyklygyň ýokdugy, işgärleriň has gödek gepleşýändigi barada gürrüň berýärler. Şeýle-de, pasport berilmeginiň möhletiniň uzaga çekmegi bilen bagly düşnüksiz ýagdaýlaryň döreýändigini aýdýarlar. Meniň köp tanyşlarym bir aýdan gowrak wagt öň dokumentlerini tabşyryp, henizem pasport alyp bilmän otyrlar. Adamlar uly alada galýarlar. Sebäbi olara hiç zat düşündirilmeýär. Üstesine, bir raýatlykly adamlara pasport almagyň has aňsatdygy barada hem gürrüňler köp edilýär.

Azatlyk Radiosy: Pasport almak bilen baglylykda nähili aladalar bar?

Natalýa Şabunts: Köp adamlar hemişelik göçüp gidýärler. Şeýle adamlaryň arasynda biometrik pasportyny almaýanlar hem bar. Emma olar ýurtdan çykmakçy bolanda, olardan täze pasport almagy talap edýärler. Göz öňüne bir getirip görüň, köp adam göçmek üçin, jaýlaryny satyp registrasiýadan çykansoň, muny bilip galýarlar. Ine, akyla sygmajak şeýle bir näsazlyklar bolýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda etnik orslar nähili ýaşaýarlar?

Natalýa Şabunts: Birinjiden, men köp orslarda goşa raýatlygyň ýokdugyny, olaryň Türkmenistandan asla göçmek islemeýändigini belläsim gelýär. Mümkinçiligi bolanlaryň köpüsi eýýäm ýurduň daşyna gitdi. Ýöne käbir adaty bolmadyk wakalar hem bolýär.

Maňa ýakynda bir waka mälim boldy. Türkmenistanda ýaşaýan bir garry zenan ýurtdan gitmek niýeti bolmasoň, dokumentlerini asla çalyşmandyr. Onuň elinde diňe köne sowet pasporty bar. Haçan-da onuň Orsýetde ýaşaýan ogly gelip, ejesini äkitjek bolanda, onuň elinde Türkmenistanyň pasportynyň ýokdugy anyklandy. Türkmen häkimiýetleri olara Orsýetiň pasportyny almagy maslahat berdiler.

Bu adam ejesine pasport almak üçin Orsýetiň ilçihanasyna ýüz tutanda, ilçihananyň işgärleri dokumentleri düzetmek üçin, bu ýata hassa zenanyň ýanyna barypdyrlar. Emma käbir dokumentleriň notarius tarapyndan tassyklanmagynda kynçylyk döräpdir. Türkmenistanda notariuslar, adatça, ýata keselbentleriň ýanyna barmaýar. Şeýle hyzmatlar göz öňünde tutulmaýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly orslar nähili duýgulary başdan geçirýärler?

Natalýa Şabuns: Şübhelenip ýaşaýarlar, sebäbi pasport meselesini alyp görsek-de, täze pasport berlip başlananda, köp adam tizden-tiz pasport almaga ymtylypdy. Köpler birden [pasport] bermeklerini bes edäýmesinler diýip, howatyrlanýarlar. Ýurtda häli-şindi dürli gürrüňler ýaýrap durýar. Olaryň käbiri tassyklanýar, käbirleri, bagtymyza, boş bolup çykýar. Ine, edil häzirki wagtda 10-njy noýabra çenli dokumentlerini tabşyrmadyklara pasport berilmez diýen gürrüňler köp edilýär. Men munuň esassyz bir gürrüň bolup çykmagyna umyt baglaýaryn. Informasiýanyň berilmeýändigi sebäpli, adamlar öz geljegine şübheli garaýarlar, şeýle ýagdaýda dürli myş-myşlar hem döreýär.

Azatlyk Radiosy: Orslar, esasan, nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar?

Natalýa Şabunts: Pensiýalar ujypsyz. Kadaly pensiýaly adamlar hem bar, emma 55-60 ýaşly adamlaryň pensiýalary, adatça, gaty ujypsyz bolýar. Hatda ýurtda pensiýalar köpeldilýän halatlarynda-da bu onçakly bir duýulmaýar. Meselem, men 30 ýyllap işledim, meniň pensiýam 100 dollara-da ýetenok. Häzir ýurtda bu pula ýaşamak gaty kyn. Ýaşlar barada aýdylanda, okuwa girmek kyn, işlemek kyn. Orslar, esasan, hususy şirketlerde işleýärler. Döwlet kärhanalarynda spesialistler ýetmezçilik edýän hem bolsa, orslar onçakly alynmaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siz orslaryň okuwa, işe ýerleşmekde kynçylyk çekýändigini aýtdyňyz, bu türkmen dilini bilmezlik bilen baglymy ýa başga-da sebäpler barmy?

Natalýa Şabunts: Dile degişli kynçylyklar bar, emma bu esasy mesele däl. Esasy mesele ýurtda her bir zadyň öz nyrhynyň barlygynda. Türkmenistanda her bir wezipä ýerleşmek üçin tölemeli bolýar. Hatda pol ýuwmak we ýer süpürmek üçin hem para berip, işe ýerleşmeli bolýar. Bu diňe bir orslara däl-de, türkmenlere-de degişli.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly orslar türkmen dilini bilmän, nädip ýaşaýarlar?

Natalýa Şabunts: Aşgabatda, türkmen dilini bilmeseň-de, kyn däl. Bu erde ors dili ýörgünli. Bu ýerde döwlet edaralaryna hem ýüzlenseň, orsça jogap beriň diýip haýyş etseň, orsça jogap berýärler. Emma dokumentleri tabşyrmaly bolanda, käbir adamlar ors dilindäki öz kagyzlaryny türkmençä terjime edýärler we munuň gerekli dokumentleri, aýdaly, pasporty almak üçin kömek berip biljegine umyt edýärler.

Azatlyk Radiosy: Garaşsyzlyk ýyllarynda etnik orslaryň ençemesi Türkmenistandan göçüp gitdi, ençemesi ýurtda galdy. Siz käbirlerinde ýurtdan gaýtmaga asla islegiň-de ýokdugyny aýtdyňyz. Etnik orslary Türkmenistanda näme saklaýar?

Natalýa Şabunts: Birinjiden, Türkmenistandaky orslary birnäçe nesilleri saklaýar. Ikinjiden, köplerde başga ýere göçüp gitmek üçin maddy mümkinçilik ýok. Adatça, gurply bolmadyk adamlar galýarlar. Köpleriň gidere ýeri-de ýok, puly-da ýok. Üstesine, Türkmenistandan göçüp gitmekçi bolýan adamlar jaýlaryny satmakda hem kynçylyk çekýärler. Iň agyr meseleleriň biri şudur.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG