Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani: Ýadro meselesine gysga wagtda garalar


Hassan Rohani BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, Nýu-Ýork, 24-nji sentýabr, 2013.
Hassan Rohani BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, Nýu-Ýork, 24-nji sentýabr, 2013.
ABŞ-nyň habar serişdelerine beren täze interwýusynda prezident Hassan Rohani dünýäniň iri döwletleri bilen üç aýdan alty aýa çenli wagtyň dowamynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyk gazanmak umydynyň bardygyny aýtdy.

“Waşington Post” gazetine beren interwýusynda Rohani wagt möhletiniň “ýyllara däl-de, aýlara” çekmelidigini aýtdy. Şeýle-de Rohani “ýadro gepleşiklerini jemlemek üçin” özüne Eýranyň Baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan ygtyýarlygyň berlendigini habar berdi.

Nýu-Ýorkdaky gepleşikler

Eýranyň prezidentiniň kommentarileri Eýranyň ýadro programmasy boýunça Nýu-Ýorkda geçiriljek halkara gepleşikleriniň öňüsyrasynda, penşenbe güni, çap boldy.

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarifiň we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň bu gepleşiklere gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu gepleşikler Eýranyň we ABŞ-nyň arasynda soňky 30 ýyldan gowrak wagtyň içinde iň ýokary derejeli duşuşyklaryň biri bolar diýlip garaşylýar. Ýurtlar diplomatik gatnaşyklaryny 1979-njy ýylda Eýranda bolan yslam rewolýusiýasyndan soň ýatyrypdylar.

Kerri we Zarif BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň we Germaniýanyň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşyga bile bararlar.

Bu duşuşygy Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton alyp barar.

Zarif, siz bu duşuşykdan nämä garaşýarsyňyz diýlen sowala şeýle jogap berdi: “Gysga wagtyň dowamynda ylalaşyga gelmek maksady bilen geçiriljek gepleşikler üçin aýgytly pursatyň döremegine garaşýaryn”.

Rohaniniň çykyşy

Hassan Rohani BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda BMG-niň sanksiýalarynyň we ABŞ-nyň hem beýleki agza döwletleriň aýrybaşga sanksiýalarynyň Eýranyň ykdysadyýetine we ýönekeý adamlaryň durmuşyna agyr täsir ýetirendigini aýtdy.

Halkara çärelerine Tähranyň urany baýlaşdyrmak boýunça işlerinini togtatmakdan boýun gaçyrmagy sebäp bolupdy. Baýlaşdyrylan uran hem energiýa hem-de ýadro ýaragyny döretmek üçin ulanylýar.

Eýran urany baýlaşdyrmak işlerini alyp barmaga hukugynyň bardygyny aýdýar we atom ýaragyny döretmek niýetini ret edýär.

Waşingtonyň garaýşy

Prezident Barak Obama BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda ABŞ-nyň Eýranyň problemany diplomatik ýol bilen çözmäge taýýarlygyny synamak isleýändigini aýtdy.

Obamanyň bu pozisiýasyny Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý çarşenbe güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda nygtady.

Obama Rohani bilen Baş Assambleýanyň çäginde duşuşmaga taýýarlyk bildiripdi. Emma, amerikan resmileriniň sözlerine görä, Eýran bu ädimden boýun gaçyrypdyr.

Soňky sapar ABŞ-nyň we Eýranyň resmileriniň arasynda ýokary derejeli duşuşyk 2007-nji ýylda geçirilipdi. Şonda ABŞ-nyň şol wagtky döwlet sekretary Kondoliza Raýs Eýranyň daşary işler ministri Manuçer Mottaki bilen Müsüriň Şarm el-Şeýh şäherinde duşuşypdy.

Şu ýylyň iýun aýynda saýlanan prezident Hassan Rohani Eýranyň syýasy sistemasynda aram syýasatçy hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG