Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugaýew: Ýangyn söndüriji edara gowşak


Ot söndürýän maşyn, Türkmenistan.
Ot söndürýän maşyn, Türkmenistan.
Aşgabadyň 30-njy mikroraýonynda bolan düýnki ýangyndan soň ot söndüriji maşynlaryň wagtynda gelmändigi, gelen maşynyň hem suwynyň bolmandygy barada maglumatlar gowuşýar. Maşynlaryň wagtynda ýetişen halatynda wakanyň öňüni alyp boljakdygyny aýdyp, nägileligini bildirýänler hem bar.

Ot söndürýan maşynlaryň ýangynyň bolan ýerlerine wagtynda barmazlygy ýaly ýagdaýlara mundan ozal hem wagtal-wagtal duş gelinýär. Iýul aýynda Daşoguzyň Baý bazarynda bolan ýangynda hem şeýle ýagdaýyň gaýtalanandygy barada maglumat berilipdi.

Eýsem muňa näme sebäp bolýar, ýangyn söndürijileriň geleňsizligimi ýa-da edaranyň talaba laýyk işlemeýändigi? Bu ýagdaýyň ýene bir gezek gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin näme edip bolar? Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:43 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG