Sepleriň elýeterliligi

Dünýäde iň dogruçyl adamlar nirede ýaşaýarlar?


“Reader’s Digest” neşiriniň geçiren barlagy netijesinde, iň dogruçyl ilatly şäher Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki boldy.

“Reader’s Digest” neşiriniň geçiren barlagy netijesinde, iň dogruçyl ilatly şäher Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki boldy.

Dünýäniň iň dogruçyl adamlary nirede ýaşaýarlar? “Reader’s Digest” neşiri içi pully gapjyklary gaçyrmak usulyny ulanyp, adamlaryň muňa reaksiýasyny öwrenmek üçin dünýäniň 16 ýurdunda synag geçirdi.

Siz köçede içi puldan doly gapjygy tapsaňyz näderdiňiz? Onuň içinde eýesiniň ady we telefony tapylsa, siz gaýtaryp berersiňizmi ýa-da ony özüňizde galdyrarsyňyzmy?

Dogruçyllyk synagy

“Reader’s Digest” neşiri bu sowala jogap tapmaga synanyşyp, dünýäniň 16 ýurdunda parklarda, ýollarda we söwda merkezleriniň golaýlarynda içi pully 12 sany gapjygy köçede galdyrmak bilen, eksperiment geçirdi.

Bu gapjyklaryň içinde ýerli pulda 50 amerikan dollaryna barabar pul we käbir şahsy suratlar bilen telefon nomeri bardy.

Žurnalyň işgärleri gapjyklary tapan adamlaryň onuň eýesini gözläp-gözlemejegine kesesinden syn edipdirler.

Netijeler

Şeýle synaglaryň netijesinde iň dogruçyl ilatly şäher Helsinki diýlen netijä gelindi. Finlýandiýanyň paýtagtynda 12 sany gapjykdan 11 sanysy eýelerine gaýtarylyp berildi.

Gapjyklaryň birini tapyp, eýesine gaýtaryp beren 27 ýaşly Lasse Luomakoski finleriň, umuman, gaty dogruçyl adamlardygyny aýdýar. Ol “biz uly bolmadyk, ýuwaş we agzybir bir jemgyýet, bizde korrupsiýanyň derejesi-de ujypsyz, biz hatda awtoulag sürenimizde-de, eger swetofor gyzyl ýansa, çatrykdan geçmeýäris diýip, Helsinkiniň ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Gapjyklaryň öz eýelerine iň az gaýdyp berlen ýeri - Portugaliýanyň paýtagty Lissabon bolup çykdy. Bu ýerde 12 sany gapjykdan diňe biri eýesine gaýdyp gelipdir. Bu ýekeje gapjygy eýesine gaýdyp berenler-de, Gollandiýadan bu ýurda gezmäge gelen syýahatçylar bolup çykdy.

Umumy netijelere görä, koçelerde gaçyrylan gapjyklary tapanlaryň 47%-i olary eýelerine gaýtaryp beripdir. Gapjyklary tapanlaryň 53 %-i olary özlerinde saklap galypdyrlar.

Britaniýanyň “Reader's Digest” atly žurnalynyň redaktory Ketrin Haughneý geçirilen synaglaryň netijeleri barada Londonda eden çykyşynda 47% diýen sanyň örän ähmiýetli görkezijidigini aýtdy.

Ketrin Haughneý dünýäniň köp ýurtlaryndaky ykdysady ýagdaý adamlaryň ahlagyna nähili täsir ýetirýär diýen sowalyň ýüze çykýandygyny belledi we şu nukdaýnazardan adamlaryň 47%-iniň gapjyklary gaýtaryp bermeginiň dogruçyl adamlaryň köpdügini görkezýändigini aýtdy.

Orsýetiň paýtagty Moskwada gaçyrylan gapjyklaryň 12-sinden ýedisi eýelerine gaýtarylyp berlipdir.

Polşanyň paýtagtynda gaçyrylan gapjyklaryň 5-si eýelerine gaýtarylypdyr.

Ýaş we jyns aýratynlygy

“Reader's Digest” atly britan žurnalynyň geçiren bu synaglarynyň netijeleri adamlaryň dogruçyllyk derejesine olaryň ýaşynyň-da, jynsynyň-da täsir ýetirmeýändigini görkezdi.

Meselem, Polşada eýesine gaýtarylmadyk gapjyklaryň ýedisi aýallar tarapyndan alnypdyr.

Nýu-Ýorkda gapjyklary tapan ýaşlar içinde maşgala suratlaryny görüp, eýesini tapmagyň aladasyny edipdirler, Praga-da bolsa bu tersine bolupdyr.

Dogruçyl bolmaga ymtylma

Synaglar dogruçyl bolmaga ymtylan, emma käbir sebäplere görä kararlaryny üýtgedýän adamlaryň hem az däldigini görkezdi. Buharestde bir ýaş zenan başda tapan gapjygynyň eýesini gözlemekçi bolupdyr, emma soň bu niýetinden el çekipdir. Ol geçip barýan ýolagçylardan gapjyk barada sorap görüpdir, emma soň gapjygy öz jübüsine urup gidipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG