Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri bilen Zarif duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň daşary işler ministri bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. Kerri Eýranyň dawaly ýadro programmasy barada Tähranyň täze pozitiw çemeleşmesine oňyn garaýandygyny aýtdy.

Ýöne Kerri Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen geçirlen bir duşuşyk Tähranyň ýadro programmasy baradaky halkara aladalary çözmez diýýär.

Penşenbe güni Kerri Eýran ýadro programmasy baradaky aladalary iş ýüzünde ýeňilleşdirmelidir diýdi.

Kerri bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň daşary işler ministrleri we Germaniýanyň resmileri Zarif bilen duşuşandan soň belläp geçdi. Bu duşuşyklar BMG-niň Baş Assambleýasynyň dowamynda bolup geçdi.

Eýran we dünýäniň iri alty döwletleri goşmaça gepleşikleri geçirmek üçin öňümizdäki aýda Ženewada duşuşarlar.
XS
SM
MD
LG