Sepleriň elýeterliligi

BMG: Howa şertleri üýtgeýär


Birleşen Milletler Guramasynyň Klimat şertlerini öwrenýän komissiýasynyň täze ýaýradan raportynda howa şertleriniň üýtgemegi esasan adamlaryň alyp barýan işleri sebäpli ýüze çykýan bolmagynyň mümkindigi aýdylýar. Bu raport Halkara howa şertleriniň üýtgemegi boýunça ekspertler topary tarapyndan kabul edildi.

Howa şertleriniň üýtgemegi boýunça halkara ekspertler toparynyň metbugat wekili Jonatan Lin Stokgolmda geçirlen ýygnakda delegasiýalara ýüzlenip, BMG-niň Klimat şertleriniň üýtgemegi boýunça çarçuwaly tarapyndan raportyň kabul edilendigini aýtdy.

Delegasiýalaryň aýtmagyna görä, köpçülige anna güni giçlik ýaýradyljak raportda howanyň şertleriniň üýtgemegine sebäp bolýan zatlaryň 95%-i adamlaryň alyp barýan işleri netijesinde bolup geçýär. Bu netije 2007-nji ýylda 90%-e barabardy.

Şeýle-de raportda ýakynda howa şertleriniň üýtgemeginde bolup geçen haýallama uzaga çekmez diýilýär.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun dünýäde howa şertleriniň üýtgemegi boýunça 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda sammit geçirmäge çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG